Bagtyýarlyk şuglasy

28 Awgust 2024
80

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, döwrümize buýsanyp ýaşaýarlar. Ýaşlar üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikler olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklaryna, häzirki döwrüň ruhuna kybap gelýän bilim-terbiýe almaklaryna itergi bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Garaşsyz döwletimizde amala aşyrýan beýik işlerimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda ýaşlaryň röwşen geljegi baradaky aladalar esasy wezipeleriň hatarynda durýar” diýlip bellenilmegi hem berkarar Watanymyzda ýaşlar hakdaky alada döwlet syýasatynda ileri derejede ähmiýet berilýändigine subut edýär. Munuň özi ýaşlarymyza halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, Watanymyzyň beýik ösüşlerine goşant goşmaga ruhubelentlik berýär.

Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar