Myllygyň keşbini döreden

28 Awgust 2024
109

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi bilen halypa artistlerimiziň döredijiligi yzygiderli öwrenilýär. Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat aktýor we režissýor Kadyrberdi Atabaýewiň döreden keşpleri hem hälişu günlerdede tomaşaçylaryň ýadyndan çykanok.

Kadyrberdi Atabaýew 1956njy ýylyň 1nji iýunynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasynda dogulýar. 1971nji ýylda Tejen etrabyndaky 15nji orta mekdebiň 8nji synpyny gowy bahalar bilen gutaryp, şol ýyl hem Aşgabadyň Gara Seýtliýew adyndaky medeni aňbilim tehnikumyna okuwa girýär. Tehnikumy tamamlandan soň 1974 — 1979njy ýyllarda Moskwa şäheriniň A.W. Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr institutynda okaýar. 1979 — 1995nji ýyllarda welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazlydrama teatrynda artist bolup işleýär.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar