Sazak — çölüň bezegi

27 Awgust 2024
124

Sazak çölüň täsin ösümlikleriniň biridir. Onuň ak sazak we gara sazak diýen iki görnüşi bolýar. Ak sazagyň şahalary selçeňligi, gara sazagyňky ýogynlygy we uzynlygy bilen tapawutlanýar. Sazak tokaýlygy adaty tokaýlara meňzemeýär. Agaçlar özara 2-5 metr aradaşlykda ýerleşýär. Sazak çölüň tupanynda janly-jandarlara penalanmaga peýdaly bolsa, Günüň ýakyp barýan jöwzasyndan goranmaga ýaramlydyr. Çölde tomsuň jokrama yssysynda onuň kölegesi janly-jandarlara ýaşaýşyň zerur çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edýär.

Sazagyň ösüşine syn etmek özüne çekijidir. Düýp tutan ýaşajyk sazak derrew ýeriň yzgar gatlagyna ýetmäge ymtylýar. Bir ýylda sazagyň köki üç metre çenli ösýär. Sazagyň ýeriň aşagyndaky ösüşi üstündäki ösüşinden bäş esse çaltdyr. Ýigrimi bäş ýylyň dowamynda bäş-ýedi metr boý alýan sazagyň köki ýigrimi-otuz metre çenli uzaýar. Ýeriň jümmüşindäki suwa köküni ýetiren sazak aşa guraklyga-da tap gelýär.

Oguljemal JUMAŞOWA,
Aşgabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar