Berjaý edilmeli talaplar

27 Awgust 2024
86

Oba hojalyk ekinleriniň endigan ösmegini we olaryň bol hasyly getirmegini gazanmakda ekinleri zyýankeşlerden, şeýle hem haşal otlardan goramak möhüm talaplaryň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglanyşykly, oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende kesellere, zyýankeşlere garşy awuly himiki serişdeleriň dürli görnüşleri ulanylmaly bolýar. Awuly himikatlar ekin meýdanlaryna uçarlar, ýöriteleşdirilen traktorlar arkaly, ýyladyşhanalarda bolsa, degişli pürküji enjamlary bilen sepilýär.

Awuly himikatlar bilen iş salşylanda onuň ulanyş, sepiliş düzgünleriniň berk berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar. Şol düzgünleriň bozulan ýagdaýynda atmosfera howasynyň, topragyň, gök-bakja ekinleriniň, suw çeşmeleriniň hapalanmagyna eltip biler. Şonuň üçin onuň öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulmalydyr. Awuly himiki serişdeler adamyň bedenine deriniň açyk ýerlerine, ýokary dem alyş ýollaryna, agyz boşlugynyň üsti bilen içki agzalara düşüp biler. Olar adam bedenine az mukdarda düşen ýagdaýynda hem bedeniň kadaly işlemegine ters täsir edip, hatda adamyň zäherlenmegine getirip hem biler.

Ahmet BAÝRAMOW,
Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň sanitar lukmany.
Beýleki habarlar