Buzluklaryň mekany (Täsin tebigat)

26 Awgust 2024
139

Ýeriň hemişelik ilat ýaşamaýan bölegi bolan Antarktika tebigy täsinliklere örän baý. Planetamyzyň günorta polýusyndaky täsinlikleriň biri hem çyzykly buzlardyr. Adanyň kenaryna golaý ýerdäki bu aýsberglerde, beýleki buzlardan tapawutlylykda, ýokardan aşaklygyna gaýdýan çyzyklar bolýar. Alymlar bu şekilleriň jaýryklaryň erän suw bilen dolmagy we gaýtadan doňmagy netijesinde emele gelendigini belleýärler. Antarktikanyň töweregindäki ululy-kiçili müňlerçe äpet buz bölekleriniň köpüsi wagtyň geçmegi bilen suwuň akymyna — ýyly suwly deňizlere aralaşýar. Käbir buz bölekleri bolsa onlarça ýyllap şol duran ýerinde saklanýar. Çyzykly buz bölekleriniň uzak ýyllaryň dowamynda emele gelendigi anyklandy. Alymlar aýsbergde açyk gök, ýaşyl, sary we goňur reňkli çyzyklaryň bardygyny aýdýarlar.

Antarktikada başga täsinlikler hem az däl. Sebit dünýäniň iň gurak çöli hasaplanýar. Buzluklar bilen örtülen hem bolsa, sebitiň köp ýerine ýüzlerçe ýyldan bäri ygal düşmändir. Ýagny ýagyş ýa-da gar ýagmandyr. Bu bolsa ol ýeri çöl diýip hasaplamaga esas döredýär. Planetamyzyň iň sowuk ýeri hem Antarktika hasaplanýar.

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar