Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

26 Awgust 2024
133

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde, ýagny 24-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli ýerlerinden bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş dutarçy bagşy-sazandalar gatnaşdy.

«Çalsana, bagşy!» bäsleşigi türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli esaslandyryldy. Dutaryň we onuň bilen baglylykda, aýdym-saz sungatynyň umumadamzat gymmatlygy diýlip ykrar edilmegi halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Enejan ANNADURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, institutyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar