«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

26 Awgust 2024
94

Geçen şenbe güni paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Her ýyl ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan wekilleri bilen birlikde lebaply ýaş bagşy-sazandalar hem gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlarynda halk aýdym-sazlaryna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlara uly orun berildi. Bäsleşige gatnaşan lebaply ýaş bagşy-sazandalar — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby Akjemal Halmyradowa we Halaç etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Mergen Asdanow dagy özleriniň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Eminler toparynyň netijesine görä, welaýatymyzyň wekilleri hem şu bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler hem-de hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglanyldylar. Biz lebaply ýaş bagşy-sazandalary bäsleşikde gazanan ajaýyp ýeňşi bilen gutlap, olara geljekde-de sungat äleminde döredijilik üstünliklerini arzuwlaýarys.

Myrat BAGŞYÝEW.
Beýleki habarlar