Bosagada — pagta ýygymy möwsümi

23 Awgust 2024
164

Welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary şu ýyl 135 müň gektar meýdanda gowaça ýetişdirip, şondan 280 müň tonna “ak altyn” almagy maksat edinýärler. Bu bolsa, oba zähmetkeşlerimize häzirki günlerde gowaçaly meýdanlaryň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Gowaçanyň ideg işleriniň ahyrky tapgyrlary ähli etraplarymyzda göwnejaý alnyp barylýar. Daýhanlarymyz pagta ýygymyna hem ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Etraplaryň “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleri pagta ýygyjy kombaýnlary taýýarlyk hatarynda goýmak ugrunda tutanýerlilik görkezseler, pagta arassalaýjy kärhanalaryň işgärleri harmanhanalardyr kabul ediş nokatlarynyň taýýarlygyny birjik-de ünsden düşürmeýärler. Sazlaşykly tagallalar oba hojalygyndaky jogapkärli möwsüme guramaçylykly başlamaga we gysga wagtda tamamlamaga şert döreder.

Näzik MEREDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar