Guwandyryjy ösüşlere goşant

23 Awgust 2024
138

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileriniň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Sarp edijileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagy köp babatda hususy pudagyň alyp barýan işiniň netijeliligine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzyň telekeçileri milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşup, dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barýarlar hem-de çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde daşary ýurt kompaniýalaryndan asla yza galmaýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän hukuk resminamalary ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga giň ýol açýar.

Döwlet tarapyndan hususyýetçiligi ösdürmäge berilýän hemaýat-goldawlardan ruhlanyp zähmet çekýän balkanly telekeçileriň hem soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda welaýat boýunça açylyp ulanmaga berlen döwrebap orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat harytlaryny, gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýokary hil ülňülerine laýyk bina edendiklerini nygtamak gerek. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň hususy kärhanalary at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, günbatar sebitiň etrap merkezleridir şäherlerindäki, obalaryndaky ymaratlaryň, senagat maksatly dürli desgalaryň, gara ýollaryň gurluşygyny amala aşyrmakda-da ussatlyk görkezýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza bolup durýan hususyýetçileriň soňky gysga döwürde sebitde guran iri önümçilik we durmuş maksatly desgalarynyň sany barmak büküp sanardan geçýär. Olaryň hatarynda dürli senagat harytlaryny, çörek we konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalar, miweleri, gök-bakja, et önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan, gök önümlerdir miwelere ýöriteleşdirilen ýyladyşhanalar, bekre balygyny, onuň işbilini ýetişdirýän, gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanasy hem-de beýlekiler bar. Welaýatyň telekeçileri diňe bir gurluşyk işleri bilen çäklenmän, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümlerini, ir-iýmişleri, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek bilen hem meşgullanýarlar, ilata dürli görnüşli hyzmatlary hödürleýärler.

Toýmämmet HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar