Maslahat geçirildi

22 Awgust 2024
120

Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde welaýat onkologiýa hassahanasynyň guramagynda prostata mäziniň howply täze döremelerine garşy göreş boýunça biraýlygyň çäginde «Öz saglygymyz ugrunda göreşeliň!» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň wekilleri hem-de Onkologiýa ylmy kliniki merkeziniň lukmanlary gatnaşdylar.

Maslahatda lukmanlaryň täsirli hem-de peýdaly çykyşlary üns bilen diňlenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, prostatit erkeklik jyns mäziniň sowuklamasy bolup, ol 20—50 ýaş aralygyndaky erkek adamlarda köp duş gelýän keseldir. Erkeklik jyns mäzine dürli ýokançlaryň düşmegi bu keseliň döremegine getirýär.

Guwanç MAGTYMOW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar