Hemişelik üns merkezinde

22 Awgust 2024
121

Döwletli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde dynç almaklary we saglygyna dikeltmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda Milli Liderimiziň zähmet rugsadyndadygyna garamazdan, «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy bu aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr.

Ynsan saglygy ― biziň ýurdumyzda ähli zatdan ileri tutulýan meseledir. Ýurdumyzyň şypahanalary güýzüň bosagasyndaky günlerde-de köpadamly. Durky täzelenilýän, mümkinçilikleri artdyrylýan «Arçman» şypahanasy hem ýurdumyzda iň gelim-gidimli saglyk we dynç alyş merkezleriniň biri. Şypahanalarda has döwrebap şertleriň üpjün edilmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny asmana göterýär.

Myrat BEGIMKULOW,
Saýat etrabynyň Garabekewül şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar