«Akylly» şäheriň Taryhy-medeni seýilgähinde

22 Awgust 2024
135

Arkadag şäheriniň Taryhy-medeni seýilgähindäki «uludan kiçeldilen» binalaryň, desgalaryň nakysja şekilleri ünsüňi egleýär. Olaryň hersi barada aýratyn gürrüň edeniňe hem degýär.

Biz bu şäherden o diýen uzakda bolmadyk «Arçman» şypahanasynyň we Köwata gowagynyň şekilleri barada aýtmakçy. Bu ýerdäki «Arçman» şypahanasynyň nyşanyna öwrülip giden dag goçlarynyň, Köwatanyň «derwezesiniň» şekilini bir gören adam dessine tanaýar. Olaryň ýanyndaky tanyşdyryş tagtasynda gyzykly maglumatlar bilen birlikde goýlan «QR» kody hem tüýs «akylly» şähere muwapyk. Bu ýurdumyzda syýahatçylyk ähmiýetli taryhy ýadygärliklerimiziň sanlylaşdyrylandygyndan nyşan.

Gylyç GYLYJOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar