Suw tebigatdyr

22 Awgust 2024
150

Suwuň, onda-da içimlik suwuň gadyr-gymmatyny islendik halk bilýändir welin, ýöne türkmenlerde onuň arzysy has üýtgeşikmikä diýýäris. Suwuň damjasyny altyn dänesine deňän, «Suw aga!» diýip sarpalan ata-babalarymyz oňa, gör, nähili zar bolupdyr, mätäçlik çekipdir.

Häzir Türkmenistanda suw hojalygynyň infrastrukturasyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Täze suw howdanlaryny, suw arassalaýjy desgalary gurmak, ýerasty we ýerüsti suw çeşmelerini peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ululygy boýunça Aziýada üçünji ýerde durýan Garagum sährasynda diňe arassa agyz suwy däl, eýsem, ekerançylyk, maldarçylyk we beýleki hajatlar üçin hem suw gerek. Bu möhüm wezipäni çözmek ýurduň ösüş strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap suw desgalary şol maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

Oraz ABDYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar