Baglar – zeminiň zynaty

22 Awgust 2024
151

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmakda, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde birnäçe işler alnyp barylýar.

Pürli bezeg baglary ýylyň dowamynda ýaşyl öwsüp, howany kislorod bilen baýlaşdyrmakda, fitonsidleri ýaprakly agaçlardan iki esse köp bölüp çykarýandygy sebäpli, howany zyýanly mikroorganizmlerden arassalamakda netijeli hasaplanylýar. Olar timar berlip ulanylmaga çydamlylygy üçin ýaşyl haýatlary döretmekde, açyk meýdan bezeg işlerinde dürli şekilleri bermekde amatlydyr. Şeýle-de olar kseromorf häsiýeti, ýagny gurakçylyga çydamlylygy bilen bellidir. Ösümlikleriň bu bioekologik aýratynlyklary olary bagy-bossanlyga öwürmek işlerinde giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Pürli bezeg baglarynyň bioekologiýa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, olar Arkadag şäherini bagy-bossana öwürmek işlerinde hem giňden peýdalanylýar. Pürli agaçlar seýilgähleri, edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň töweregini bagy-bossana öwürmekde netijeli ulanylýar. Pürli bezeg baglaryndan eldar sosnasyny, arizon serwisini, Gündogar tuýasyny, arça görnüşlerini bellemek bolar. Beýik göwdeli eldar sosnasy (Pinus eldarica Medw.) gadymy üçülenji döwrüň relikt ösümligi bolmak bilen, onuň giň piramidal kronasy hemişe ýaşyl pürler bilen örtülýär.

Gülzar BAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň bölüm başlygy.
Beýleki habarlar