Möwsüme ykjam taýýarlanylýar

21 Awgust 2024
186

Garaşsyz ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişi möwsüminiň golaý gelmegi bilen, oňa doly taýýarlykly girişmeklige gönükdirilen çäreler welaýatymyzyň ähli künjeklerinde hem ýokary depginde barýar. Şunda şu mahala çenli ekin meýdanlarynda sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly gaýragoýulmasyz işler bilen bir hatarda, ekişe gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalaryň, olaryň gurallarynyň talabalaýyk gözden geçirilmegine, kemçilikleriniň düzedilmegine aýratyn üns berildi. Häzirki günlerde bolsa daýhan birleşiklerinde, degişli edara-kärhanalarda bugdaý ekişini guramaçylyky amala aşyrmak boýunça ýörite meýilnamalar düzülip, işleriň bökdençsiz dowam etdirilmegine derwaýys şertler döredilýär.

Şeýle möhüm işleri durmuşa geçirmek ugrunda Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem gaýratly zähmet çekýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar kärhananyň hasabynda bar bolan sürüm hem-de bejergi traktorlaryny, olaryň iş gurallaryny abatlamaklyga, doly taýýarlyk hataryna çykarmaklyga öz wagtynda girişip, bu babatda göwnejaý netijeleri gazandylar.

Beýleki habarlar