Öz ülkäňi öwren!

21 Awgust 2024
122

Köýtendag — hazynalar mekany

Pamir beýikliklerinden gaýdýan Gissar dagy Türkmenistanyň gündogar nokady bolan Hezretagsar belentligine gelip, şahalanyp, günbatara tarap uzalyp gaýdýar. Gyzyl reňkli dag jynslary bilen örtülenligi üçin ýerli ilat dagyň sag şahasyny Gyzyldag, beýleki şahasyny bolsa, Garadag diýip atlandyrýar. Bu daglara umumylykda Köýten daglary diýilýär. “Köýten” sözi — dor dag, dor jülge diýmekligi aňladýar. Bu dagyň uzynlygy 80-100 kilometrlik dag jülgesi bilen baglydyr.

Beýleki habarlar