Gün şöhlesinden dogry peýdalanyň!

21 Awgust 2024
103

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň ýokary gyzgynlygy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gün şöhlesiniň adam saglygyna belli derejede peýdalylygy barada hiç kimde şühbe döremeýär. Onuň täsiri arkaly bedende ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar emele gelýär. Ýaş çagalarda rahit keseliniň öňüni almaga ýardamy bolan D witaminiň gerek mukdaryny almak üçin 15 — 20 minut, her gün irden 9-a çenli, agşam 18-den soň, çagalar bilen gezelenç etmek ýeterlikdir.

Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçan-da, beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizlik, ukusyzlyk we sussupeslik ýüze çykýar. Adam Günsüz oňup bilmez, ýöne onuň şöhlesiniň ynsan saglygyna belli derejede zyýanlydygyny-da ýatdan çykarmaly däldiris. Onuň zyýanly täsiri ultramelewşe şöhleleri arkaly ýüze çykýar. Açyk howada işlenilende Gün urmadan goranmak üçin başgap, mümkin bolsa ak, açyk reňkli eşik geýmäge çalyşmaly, saýawan götermeli we bedendäki suwuklygyň deňagramlylygyny saklamak üçin köpräk suw içmeli. Howanyň gyzmagy bilen bedenden köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy netijesinde, diňe bir bedendäki gyzgynlygyň deňagramlylygy bozulman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna-da getirýär. Bu bolsa insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar