Kuwwatly tehnikalar güýçli gollarda

21 Awgust 2024
167

Ene topragy işläp bejerýän adamlaryň baş maksady oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak bolup durýar. Munuň üçin bolsa ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ýaly ýeňil bolmadyk meseläni üstünlikli çözmeli bolýar. Belent maksatlara ynamly ýetmek üçin berk esaslaryň bardygyny-da bellemek ýakymlydyr. Indi ýer eýeleri daýhançylygyň her bir işinde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň güýjüne, olaryň giň mümkinçiliklerine daýanýarlar. Ýetip gelýän güýzlük bugdaý ekişinde hem tehnikalar esasy güýç bolup durýar. Häzirki günlerde ýerlerde olary möwsüme taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde daýhanlara kämil tehnikalar barha elýeterli bolýar. Munuň şeýledigine biziň welaýatymyzyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kuwwatly tehnikalaryň uly toplumy «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki önümçilik kärhanalarynda jemlenendir. Olarda gün-günden golaýlaşyp gelýän bugdaý ekişinde işlediljek tehnikalary, iş gurallaryny abatlamakda we taýýarlyk nyzamyna goýmakda ýokary guramaçylyk görkezilýär. Abatlaýjy ussalar özlerine degişli işleri ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Şeýle çemeleşme bolsa bugdaý ekişi ýaly jogapkärli möwsümde tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegine uly ýardam berer.

Mämmet GYLYJOW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar