Ikinji ekin — bolçulyk çeşmesi

21 Awgust 2024
181

Welaýatymyzyň ussat daýhanlary yhlasly zähmet çekip, ýylda toprakdan iki hasyl almakda görelde alarlyk işleri bitirýärler. Munuň üçin olar bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekip, olardan bol önüm alýarlar we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Şu ýyl hem olar beýleki önümler bilen bir hatarda ýurdumyzyň ilaty üçin şalyny köp öndürmegi maksat edinýärler. Bereket tohumy taşlanan meýdanlarda bu dänelik ekiniň bol hasyly ýetişdirilýär. Häzirki günlerde tejribeli ýer eýeleri bu ekine yhlas bilen ideg edýärler. Saýat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Ogulbaýram Allaberdiýewa hem şolaryň biri.

Daýhan zenan geçen orakda özüne berkidilen üç gektar meýdandan 15 tonna 440 kilogram guşgursak bugdaýy Watan ammaryna tabşyrypdyr. Munuň özi daýhan birleşigi bilen baglaşylan şertnamalaýyn borçnamada bellenilenden 6 tonna 140 kilogram köpdür. Şonda her gektardan alnan hasyl 51,5 sentnere golaýlapdyr. Ýer eýesi orak tamamlanan dessine 2,3 gektar meýdany şaly ekmäge taýýarlapdyr, ekişi aýny wagtynda geçirip, endigan gögeriş gazanypdyr. Onuň gök öwsüp, gün-günden boý alnan ekinlerini synlanyňda, olara yhlas bilen garaşyk edilýändigine aýdyň göz ýetirip bolýar. Ogulbaýram daýhan birleşigi bilen şalynyň her gektaryndan 46 sentnerden geçirip hasyl tabşyrmak barada şertnama baglaşypdyr. Ol şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etjekdigini ynamly aýdýar. Şeýle ynamynyň aňyrsynda bolsa janypkeş zenanyň 48 ýyllyk iş tejribesi ýatyr. Uly iş, durmuş tejribesini gaýratly zähmeti bilen utgaşdyrýan zenanyň daýhançylyga baş goşan wagtyndan bäri borçnamalaryny ýerine ýetirmedik ýyly ýok. Bu bolsa ussatlykdan nyşandyr.

Jeren KULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni. Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.
Beýleki habarlar