Solmazyň bereketli meýdany

21 Awgust 2024
191

Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary bugdaýdyr gowaça, gökdür bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, olardan ýokary hasyl almakda ýylyň-ýylyna üstünlik gazanýarlar. Hojalykda ene toprakdan bol hasyl alýan öňdebaryjy toparlaryň birnäçesi bar. Sylap Allanazarowyň ýolbaşçylyk edýän 6-njy kärendeçiler toparynyň edermen gallaçylary hem şolaryň hatarynda. Olar geçen orak möwsüminde hem bugdaý ekilen 24 gektar meýdanyň her gektaryndan meýilnamada görkezilen 30,7 sentnere derek 40 sentnerden gowrak hasyl ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy başardylar. Öňdebaryjy toparyň agzalary şu güýzde 48 gektar meýdana bugdaý ekmegi göz öňünde tutýarlar, her gektaryň hasyllylygyny bolsa 50 sentnere ýetirmegi maksat edinýärler. Häzirki günlerde bugdaý ekiljek meýdanlar ekişe taýýarlanylýar, ýerler dokünler bilen gurplandyrylýar. Olar şüdügär sürümini iň soňky gektarlarda alyp barýarlar. Bu işlerde mehanizatorlar Astan Aganyýazow, Ýagşymyrat Hudaýnazarow, Agamyrat Hudaýnazarow yhlaslylyk görkezýärler.

Toparyň ussat kärendeçileriniň biri-de Solmaz Muhyýewadyr. Solmaz her ýyl bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla oragyny hem üstünlikli jemlemegi başardy. Ol şertnamalaýyn borçnamada görkezilen 28 sentnere derek gektaryň hasyllylygyny 60 sentnerden geçirip, galla almagyň hötdesinden geldi. Biz toparyň «Çapalak atyz» diýlip atlandyrylýan meydanyna gelenimizde, Solmaz hem öz kärende ýerinde geçirilen tekizlew işleriniň kem-käsini gözden geçirip ýören eken. Biz onuň armasyny ýetirdik. Kärendeçi gelniň ýüz keşbinden, hereketinden onuň ene topraga hyzmat edip, ýokary hasyl almakda uly tejribe toplan daýhandygyny aňmak kyn däldi. Daýhan birleşiginiň ykdysatçysy Almaz Hudaýkulyýew hem onuň öwgüsini ýetirdi:

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar