Güýzüň bosagasyndaky günlerde

21 Awgust 2024
124

Awgust aýynyň üçünji ongünlügine gadam goýduk. Güýzüň bosagasyndaky günlerde tomus howruny peseldip, salkyn howa akymy aralaşýar. Şonuň üçin hem howanyň yzygiderli üýtgeýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr.

1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Tahyr TOÝLYÝEW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar