Ýaş küştçüleriň üstünligi

21 Awgust 2024
124

Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl etrabynda 8 — 16 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşda türkmen küştçüleri bir altyn we bir kümüş medal gazandylar. Çempionata Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Özbegistandan 300-den gowrak küştçi gatnaşdy.

8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Mary welaýatyndan mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanan mekdep okuwçysy Aýlar Hemraýewa 1-nji orna mynasyp boldy. Aýlar aýgytlaýjy oýunlarda gazagystanly bäsdeşi Ameliýa Ametowany (7 utuk) hem-de gyrgyzystanly bäsdeşi Amina Şergaliýewany (6 utuk) utdy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýan Aýlar şu ýylyň fewralynda deň-duşlarynyň arasynda ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolupdy.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar