Mäşiň bereketli hasyly kemala gelýär

20 Awgust 2024
136

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň gündelik isleg bildirýän ter gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça oba hojalyk işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleri goýýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça Köneürgenç etrabynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde etrabyň Akgala daýhan birleşiginiň çäginde mülkdar Gurbanmyrat Ýazmyradowyň alyp barýan işlerini bellemek bolar. Gurbanmyrat aga özüniň 3 gektar ýerinde her ýyl däneli ekinleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, bol hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Öňki ýyl ol künji eken bolsa, geçen ýyl mekgejöwen ekip, bol hasyl almagy başardy. Ol Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda özüniň mülk ýerinde mäşiň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýär.

Her ýyl dürli ekinleriň ekilmegi ýerleriň hasyllylygyny artdyrmakda oňyn netije berýär. Şonuň üçin mülkdar bu işi ünsden düşürmeýär. Şu ýyl hem ol mäşiň ekişini öz wagtynda geçirip, otamak, ýekelemek, zyýankeşlerden goramak, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly ähli agrotehniki işleri öz wagtynda ýokary hilli geçirdi. Bu bolsa bol hasylyň kemala gelmegine şert döretdi. Mäş ekilen meýdanlar mülkdaryň çeken zähmetiniň ýerine düşjekdiginden habar berýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, özümizde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen ilatymyzy üpjün etmek babatda öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Çary ANNABAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.
Beýleki habarlar