Ýorunjany ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy

20 Awgust 2024
126

Biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýorunja mallar üçin ýokumly ot-iýmlik ekindir. Bu ekin terligine we guradylan bede görnüşinde mallara bermek üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Ýorunja diňe bir mallar üçin ýokumly ot bolman, eýsem, ol özüniň kökündäki bakteriýalaryň kömegi bilen howadaky erkin azot maddasyny toplap, ony özleşen halda, ýagny ýorunja sökülenden soňra ekilen ekin üçin taýýar dökün maddasynyň ýagdaýyna öwürýär. Şonuň üçin pagtaçylyk bilen meşgullanýan etraplarda ekin dolanyşygy geçirilende ýorunja uly üns berilýär.

Ýorunja belogy köp saklaýan gymmatly ot-iýmlik we topragy gurplandyryjy ekindir. Ýorunjanyň gök otunda dürli ýokumly maddalar bolýar, şol sanda belok 3,3 göterim, karotin we mineral duzlar köp mukdarda saklanýar. Onuň düzüminde oba hojalyk mallaryna zerur bolan witaminleriň ählisi diýen ýaly bar, esasan hem karotin we askorbin kislotasy köp bolýar. Ýorunjanyň 100 kilogram bedesinde 53,4 göterim ot-iým birligi bolup, ol göklügine, bede we senaž edilen görnüşinde mallara berilýär.

Ýagmyr ORAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar