Gowaçanyň bereketli hasyly

20 Awgust 2024
136

Sarahs etrabyndaky «Nygmatly tebigat» daýhan hojalygynda şu ýyl gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirilip, pagta ýygymy möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär. Hojalygyň zähmetsöýer daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 85 gektar meýdana gowaça ekip, ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg işlerini ýola goýup, bol hasyly kemala getirdiler. Yhlas bilen ýetişdirilen gowaçaly meýdanlary synlanyňda zähmetsöýer daýhanlaryň çeken zähmetiniň ýerine düşendigine magat göz ýetirýärsiň. Gowaçalaryň bol hasyl toplamagy daýhan hojalygynyň daýhanlarynyň göwnüni galkyndyrýar.

Biz bu daýhan hojalygynyň gowaça ekilen meýdanynda bolup, onuň ýolbaşçysy Guwanç Berdimyradow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny ýygnap almak bilen, bellenen tabşyrygyň üstünlikli berjaý ediljekdigi barada gürrüň berdi.

Maral JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni. SURATDA: «Nygmatly tebigat» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Guwanç Berdimyradow gowaça meýdanynda. Surata düşüren Akmyrat MÜRZÄÝEW.
Beýleki habarlar