Sagdynlygyň mekany

20 Awgust 2024
116

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, şeýle-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sport-sagaldyş hereketini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrundaky tagallalar netijesinde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, ak mermerli paýtagtymyzda hem-de Arkadag şäherinde sport düzüminiň häzirki zaman desgalary gurulýar. Berkarar Watanymyz halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwrülýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň sport abraýynyň arşa göterilmegine täze mümkinçilikleri açmak bilen birlikde, türgen ýaşlarymyza dürli derejeli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmäge hyjuw berýär.

Geçen sanlyja ýylyň dowamynda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, sebitleýin sport ýaryşlarynyň, «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň üstünliklere beslenip geçirilendigini bellemek diýseň ýakymly. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzyň gözel künjegindäki Olimpiýa şäherçesiniň Gyşky oýunlar sport toplumynda üstünlikli geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi bolsa buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar.

Aýnabat BERDIÝEWA,
Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar