Gündogaryň beýik şahyry

20 Awgust 2024
115

Çuň mazmunly şygyrlary bilen bütin adamzadyň köňlünde ýagşylygy oýaryp, kalplary nurlandyrýan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze gadyr-gymmata we şöhrata eýe bolýar. Magtymguly atamyz öz döredijiliginde watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly watanperwer halkymyza, milletimize mahsus bolan naýbaşy häsiýetlere giň orun beripdir. Ol türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji bolup türkmen halkyny birleşdirmek, döwlet gurmak meselesini gozgan akyldar şahyrdyr. Şonuň üçin hem şahyryň bu häsiýetleri wagyz edýän şygyrlary, üstünden näçe asyr geçse-de, öz hümmetini ýitirmeýär. Beýik şahyr watansöýüjiligiň belent waspyny edende, çuňňur pähim-paýhasyny türkmen dilimiziň deňsiz-taýsyz şirinligine eýläp beýan edipdir. Şeýle bolansoň, onuň dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi halkymyzyň gündelik gepleşiginde terbiýeçilik ähmiýetli nakyllara öwrülip ulanylyp gelinýär. Akyldar şahyryň belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly milli ýörelgelerden gözbaş alýan eserleri hem edil watansöýüjilik mowzugyndaky goşgulary kimin, Hakdan halatly şahyrymyzyň ussatlygyny şöhlelendirýär. Şeýle bolansoň, onuň saldamly döredijiliginiň umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesindäki orny hem ýyl geçdikçe pugtalanýar.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan edebi mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda uly işler durmuşa geçirilýär. Giň möçberli tagallalaryň netijesi täze-täze üstünlikler bilen sazlaşýar. Magtymguly Pyragynyň halkyň ýüreginde, türkmeniň göterilen ykbalynda tutýan orny, beýik şahyrymyza bagyşlanyp Köpetdagyň gerşinde döredilen ajaýyp «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky başy gök direýän heýkeliň howalasy deýin belent hem gözeldir. Ady äleme dolan söz ussadynyň edebi mirasynyň halkara derejesindäki gymmatlygy barada aýdylanda bolsa, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigini, türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşinde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtmak örän guwandyryjydyr. Şu we başga-da birnäçe mysallar beýik söz ussadynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandygynyň aýdyň beýanlarydyr.

Laçyn SAPARGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar