Nebit göteriji turbalar bilen önümli gatlaklar sazlaşykly işlände...

19 Awgust 2024
125

Gazlift guýularyň işleýşiniň netijeliligini artdyrmak, köp babatda, önümli gatlaklaryň häsiýetine, ýerasty enjamlaryň talabalaýyk işleýşine, sarp edilýän gazyň durnukly basyşyna, gazsuwuklyk garyndynyň strukturasyna, gazlift klapanlaryň takyklygyna, hasap boýunça dogry goýluşyna we beýleki parametrlere baglydyr. Şol bir wagtyň özünde, göteriji turbalardan suwuklygyň (nebitiň) kadaly çykarylmagy iş agentiniň (gazyň) berilýän möçberi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eger-de göteriji turbalar hasaplanyp bellenilen çuňluga goýberilen bolsa ýa-da gatlagyň önümliligine görä klapanlaryň sany göteriji turbalaryň ýerli-ýerinde goýulmagy bilen gabat gelýän bolsa, onda nebit çykarylyşyny artdyrmak, ýagny guýularyň hereketde bolmagyny geljekde kadaly ýola goýmak üçin berilýän gazy gaz paýlaýjy desgalarda (GPB, UPG-l, UBD) goýulýan ştuserleriň (şaýbanyň) kömegi bilen wagtal-wagtal sazlap durmak esasy düzgün hasaplanylýar. Käbir guýularyň göteriji turbalarynyň çylşyrymly şertlerde işleýänligi hem-de öňki çykarýan nebitinden az berýänligi sebäpli ýeňil abatlaýyşdan soň, olarda düzgün barlagyny amala aşyrmaklygy meýilleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýar.

Guýularda düzgün barlagyny geçirmek, esasan, ştuseriň diametrlerini üýtgetmek arkaly alnyp barylýar. Bu çäräniň geçirilmeginde kadaly tehnologik iş düzgünini kesgitleýji ölçegi — berilýän gazyň udel sarp edilişini azaldyp, köp nebit çykarmak bilen berk baglanyşyklydyr. Her düzgünde guýa berilýän gazyň möçberi ýörite işlenip düzülen nomogramma boýunça kesgitlenilýär.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar