Uglewodorodlaryň emele gelşi

19 Awgust 2024
147

Tebigy gaz ýeriň çökündi dag jynslarynyň gatlaklarynda ýygnanyp, düzüminde nebit bolan ýa-da arassa kükürtsiz gaz känini emele getirýär.

Eýsem-de bolsa, tebigy gazlar näme? Tebigy gazlar, adatça, reňksiz bolup, ysy bolmaýar, nebit we gaz geologiýasynda tebigy gaz diýen adalga düzüminde uglewodorodlara degişli raetan hatarynyň agdyklyk edýän ýangyç gazlaryndan gelip çykýar. Tebigy gazlar erkin, utgaşykly we ugurdaş bolup bilýär. Erkin gaz — bu arassa gaz ýataklarynyň gazydyr. Utgaşykly gaz gaz-nebitli ýataklaryň «gaz börükli» gatlagynda nebit bilen gatnaşykda ýerleşýär. Ugurdaş gazlara nebitiň düzümindäki ergin gazlar degişlidir.

Rahmetnur AÝMÄMMEDOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar