Dýu Plessi çempionlyk tutluşygynda Adesanýany ýeňdi

19 Awgust 2024
82

Aşgabat wagty bilen düýn irden, Awstraliýada «UFC 305» turniri geçirildi. Turniriň esasy tutluşygynda Günorta Afrika wekilçilik edýän, promouşeniň orta agramdaky häzirki çempiony Drikus Dýu Plessi ozalky çempion Israel Adesanýa bilen güýç synanyşyp, 5 raunda niýetlenilen çempionlyk söweşi möhletinden ozal tamamlandy. Has takygy, 4 raundda Dýu Plessi garşydaşyna yzygiderli urgy hem-de soňra bogmak emelini ulanyp, wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Drikus Dýu Plessi çempionlyk guşagyny özünde saklap galmagy başardy. Ýeri gelende bellesek, Drikus Dýu Plessi özüniň 22-nji ýeňşini gazandy. Onuň hasabynda 2 sany ýeňliş hem bar.

Beýleki habarlar