«Real» altynjy gezek UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp boldy

19 Awgust 2024
66

Ispaniýanyň «Real» futbol kluby UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp boldy. Geçen möwsümde Ýewropanyň çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan «Real» UEFA-nyň Superkubogy üçin geçirilen oýunda Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolan Italiýanyň «Atalanta» toparyndan üstün çykdy. Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda Karlo Ançelottiniň şägirtleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Ispan toparynyň düzüminde Federiko Walwerde (59) hem-de Kiliýan Mbappe (68) gol geçirdi.

Şeýlelikde, «Real» UEFA-nyň Superkubogyny altynjy gezek eýeläp, bu ugurda «Milandan» hem-de «Barselonadan» öňe geçdi. Bu topar mundan ozal, 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy, 2017-nji hem-de 2022-nji ýyllarda UEFA-nyň Superkubogyna mynasyp bolupdy.

Beýleki habarlar