Laýyklyk güwänamalary — ýokary hiliň nyşany

19 Awgust 2024
113

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Ýakynda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hem şeýle güwänama mynasyp bolupdy. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň degişli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.

Berlen güwänamalar degişli düzümlerdäki işleriň TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. ISO 9001 dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge, hil boýunça ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär. Bu standartyň işe ornaşdyrylmagy arassaçylyk gulluklarynda işleriň netijeli alnyp barylýandygyny, hünärmenleriň öz işlerini ýokary derejede amala aşyrýandygyny, hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini görkezýär.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar