Gök ça­ýyň peý­da­sy

19 Awgust 2024
138

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024

Suw­dan soň gök çaý dün­ýä­de iň köp içil­ýän iç­gi­dir. Ada­ty gök çaý «Camel­lia si­nen­sis» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ösüm­li­giň ýap­rak­la­ryn­dan taý­ýar­la­nyl­ýar. Dü­zü­min­de ug­le­wod­la­ryň, wi­ta­min­le­riň, be­lok­la­ryň, hi­mi­ki ele­ment­le­riň köp­dü­gi se­bäp­li gök çaý adam be­de­ni üçin örän peý­da­ly­dyr. Şeý­le hem bu peý­da­ly iç­gi an­ti­ok­si­dant­la­ra we po­li­fe­no­la örän baý­dyr. Luk­man­la­ryň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, be­den­dä­ki ar­tyk­maç ýag­lar­dan dyn­mak­da, be­de­niň kad­dy-ka­ma­ty­ny sak­la­mak­da, ýa­daw­ly­gy aýyr­mak­da, art­ri­tiň agyr­la­ry­ny pe­selt­mek­de gök ça­ýyň haý­ry kän­dir. Şeý­le hem gök çaý kä­bir be­den ag­za­la­ry­nyň we de­ri­niň so­wuk­la­ma­sy­nyň be­jer­gi­sin­de giň­den ula­nyl­ýar. Be­de­niň ke­se­le gar­şy uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da, çy­dam­ly­ly­gy ber­kit­mek­de hem gök çaý iç­me­giň ar­tyk­maç­lyk­la­ry bar­dyr. Luk­man­lar ýü­rek-da­mar, süý­jü­li dia­bet ke­sel­le­rin­den ejir çek­ýän­le­re-de gök ça­ýy köp­räk iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.

Gan­dym Wel­le­kow,
TMÝG-niň Ha­laç et­rap Ge­ňe­şi­niň hü­när­me­ni.
Beýleki habarlar