Sagdynlyk we ruhubelentlik — kämilligiň gözbaşy

16 Awgust 2024
142

Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, raýatlaryň zähmet rugsady döwründe rahat dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. 14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etmegi şu jähetden möhüm ähmiýetli wakadyr.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz ýakymly howa gurşawy emele gelen deňiz kenaryna bardy. Çünki Günüň dogýan çaglarynda deňziň kenarynda welosipedli gezelenç etmek fiziki işjeňligiň netijesinde saglyga oňyn täsir edýär, bedeni berkidýär we oňa güýç berýär. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.

«Nesil».
Beýleki habarlar