Dunaýyň degresindäki dostluk mukamy

16 Awgust 2024
143

Medeniýet, sungat, edebiýat dünýä halklarynyň arasynda hemişe dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen we wenger halklarynyň medeni gatnaşyklary hem barha kämilleşýär. Ýakynda Türkmenistanyň Wengriýada geçirilen Medeniýet günleri hormatly Prezidentimiziň medeni diplomatiýasynyň dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň hakykatydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgamyň wajyp ugur bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şol ýylyň awgustynda bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyz Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar