Aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyr” futbol topary nobatdaky halkara üstünligini gazandy

16 Awgust 2024
89

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri AFK-nyň Çempionlar ligasy - 2-niň saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Hindistanyň “Ist Bengal” toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykda ilkinji bolup hasaby ýer eýeleri açdy. 7-nji minutda “Ist Bengal” D.Lalhlandanganyň geçiren goly bilen öňe saýlandylar. Ýöne olaryň bu üstünligi uzak çekmedi. “Altyn Asyr” 18-nji minutda Myrat Annaýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. 28-nji minutda Selim Nurmyradow “Altyn Asyry” ilkinji gezek hasapda öňe çykardy. Şeýlelikde, duşuşygyň birinji ýarymy türkmen toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Beýleki habarlar