Ýaş zehinler — buýsanjymyz

15 Awgust 2024
306

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebi 2010-njy ýylda açylyp ulanylmaga berildi. 230 okuwça niýetlenen mekdepde ýaş zehinler sungatyň nakgaşçylyk, külalçylyk, zergärçilik, heýkeltaraşlyk ýaly ugurlary boýunça bilim alýarlar. Çagalaryň sungata bolan höwesini artdyrmak, olaryň bu ugurda ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak üçin mekdepde ähli şertler döredildi.

Tejribeli mugallymlar M.Ataýewanyň, A.Gurbangeldiýewiň, B.Çaryýewiň, Ş.Rejebowyň, M.Hudaýkulyýewanyň, A.Şamuhammedowanyň, R.Haidowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde, okuwçylar ýurdumyzda we dostlukly döwletlerde geçirilýän döredijilik sergilerine, bäsleşiklerine öz taýýarlan taslamalary bilen gatnaşýarlar. 2023-nji ýylda halkara TÜRKSOÝ guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen «Türk dünýäsi ýaş suratkeşleriň gözi bilen» atly halkara bäsleşiginde mekdebimiziň nakgaşlyk bölüminiň okuwçysy Dürbike Ahmedowa II orna mynasyp boldy. Şol ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Bagtyýar ýaşlar gözelligiň waspynda» atly bäsleşikde mekdebimiziň okuwçylary Ogulaý Merdanowa, Selbi Nurýagdyýewa baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Gurbanmuhammet SARYÝEW,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar