Ýaş­lar ka­me­ra or­kest­ri­niň «Al­tyn baý­ra­gy»

15 Awgust 2024
114

Go­laý­da Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty We­na­da ge­çi­ri­len X Bü­tin­dün­ýä or­kestr fes­ti­wa­ly­na ýur­du­my­zyň ze­hin­li sa­zan­da­la­ryn­dan yba­rat bo­lan ýaş­lar ka­me­ra or­kest­ri hem gat­naş­dy.

2013-nji ýyl­da We­na şä­he­rin­de esas­lan­dy­ry­lan Bü­tin­dün­ýä or­kestr fes­ti­wa­ly her ýyl uly şat­lyk-şa­ga­laň bi­len ge­çi­ri­lip, ol dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den köp san­ly sa­zan­da­la­ry we or­kestr­le­ri bir ýe­re jem­le­ýär. De­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça türk­men sa­zan­da­la­ry şu ýyl 10-njy sa­par ge­çi­ril­ýän bu fes­ti­wa­la il­kin­ji ge­zek gat­naş­dy­lar. Türk­me­nis­tan bi­len bir ha­tar­da, fes­ti­wa­la Awst­ri­ýa, Fran­si­ýa, Is­pa­ni­ýa, Ni­der­land­lar, Hor­wa­ti­ýa, Hy­taý ýa­ly ýurt­lar­dan je­mi 17 or­kestr gat­naş­dy.

Beýleki habarlar