Çeper halyçylyk kärhanasynda geçen duşuşyk

15 Awgust 2024
151

Bäherden Çeper halyçylyk kärhanasynda «Ýurduň ýaşlary — bagtyň açary» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi gurady. Oňa halyçy gelin-gyzlar, şeýle-de bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşykda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň edildi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda bellenip geçildi.

Amansoltan ANNAMUHAMMEDOWA,
Bäherden etrap bilim bölüminiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar