Işleriň depgini ýokarlanýar

15 Awgust 2024
148

Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri güýzlük däne ekişine göwnejaý taýýarlyk görýärler. Şu günler sürüm işlerini tekizlemek we geriş çekmek işleri bilen utgaşykly alyp barýan gallaçy daýhanlar wagtyň her bir pursatyndan netijeli peýdalanýarlar.

Etrapda tohumlyk bugdaýyň taýýarlygy aýratyn üns merkezinde saklanýar. Ekiji tehnikalar we gurallar hem doly taýýarlyk ýagdaýyna getirilýär. Bu zatlar geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişine guramaçylykly başlamaga we irki möhletde taýýarlamaga şert döreder. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ekiş döwründe tapawutlanýan mehanizatorlary höweslendirmek göz öňüne tutulýar.

Ogulmaral GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar