Daşky gurşawy goramak ugrundaky tagallalar

15 Awgust 2024
178

Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak çygryny halkara derejede dolandyrmagyň köpugurly guralyny Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri emele getirýär. Olar BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, halkara hyzmatdaşlykda ykdysady, durmuş, medeni we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmekde döwletleriň alyp barýan işlerine goşant goşmak bilen, wajyp wezipeleri ýerine ýetirýärler.

Döwletleriň arasynda daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlyk saklamaga ýardam etmek işlerini BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy — ÝUNEP ýerine ýetirýär. Onuň ştab-kwartirasy Naýrobide (Keniýa) ýerleşýär. ÝUNEP Baş Assambleýanyň «Daşky gurşawy goramak çygrynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça guramaçylyk we maliýeleşdiriş çäreleri» Kararnamasynyň esasynda, 1972-nji ýylda döredilip, onuň orny we mandaty birnäçe halkara resminamalar bilen tassyklanyldy. 1997-nji ýylda kabul edilen Naýrobi Jarnamasynda ÝUNEP-niň ählumumy daşky gurşaw çygrynda BMG-niň esasy düzümidigi aýdylýar. Onuň baş edarasy Dolandyryjylar geňeşidir. Ol 58 agza döwletiň wekillerinden düzülip, adalatly geografik wekilçilik ýörelgesi boýunça dört ýyl möhlete saýlanylýar. Dolandyryjylar geňeşi öz nutuklaryny BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) üsti bilen ýetirýär. ÝUNEP-niň düzümindäki hemişelik wekilleriň komiteti we Sekretariaty öz işlerini Afrika, Aziýa we Ýuwaş umman, Günbatar Aziýa, Latyn Amerikasy, Karib deňzi, Demirgazyk Amerika we Ýewropa sebitleri üçin degişli çäklerdäki wekillikleriniň üsti bilen amala aşyrýar.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar