Azyk bolçulygyna goşant

15 Awgust 2024
197

Ýurdumyzda azyk bolçulygy yzygiderli pugtalanýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişi barha artýar. Şeýle bolçulygy döretmekde türkmen işewürleriniň paýy uludyr. Olar azyk önümleriniň, miweleriň hem dürli görnüşlerini öndürip, halkymyzyň bereketli saçagyny bezeýärler.

«Ak toprak» hususy kärhanasy hem 2018-nji ýyldan bäri tagamlylygy bilen özüni tanadan şöhlat önümlerini öndürip gelýär. Olar «Teýli», «Bolelin», «Ararat» haryt nyşanlary bilen bellidir. Kärhananyň hünärmenleri şöhlatlaryň kakadylan, ýarym kakadylan, gaýnadylan, çig kakadylan görnüşlerini alyjylara hödürleýärler.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar