Uzyn gulakly kirpi

14 Awgust 2024
180

Tebigatyň özboluşly jandarlarynyň biri-de kirpidir. Kirpileriň ençeme görnüşi bar. Olaryň arasynda köp duş gelýäni uzyn gulakly kirpidir. Ol maýda görnüşli kirpileriň biri bolup, tikeni ýumşak we gysgadyr. Onuň gulagy beýleki kirpileriňkiden uzynlygy bilen tapawutlanýar.

Tüýüniň we iňňejikleriniň reňki kirpiniň ýaşaýan ýerine görä tapawutlanýar. Kirpiler, esasan, çöllerde, ýarym çöllerde, çägesöw ýerlerde ýaşaýarlar. Bu jandarlar gür ösümlikli ýerlerden we tokaýlardan gaça durýarlar.

Nurmyrat TATBAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň uly hünärmeni.
Beýleki habarlar