«Arçman» — şypaly mekan

14 Awgust 2024
167

Tomus paslynyň gelmegi bilen hemmeler nirede gowy dynç alyp biljekdikleri barada pikir edip başlaýarlar. Özüm-ä şeýle. Bir kagyzy elime alýaryn-da, gidip biläýjek ýerlerimiň sanawyny düzýärin. Goýny sapaly «Arçman» şypahanasynyň hem şol sanawyň ýokarky setirinde orny bar. Bejerijilik, saglygy dikeldiş ähmiýeti boýunça halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan şypahana Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde, Aşgabat şäherinden günbatarda 130 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň Degirmendag diýen ýeriniň eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda ýurdumyzda şypahana ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirildi. Şol işleriň hatarynda «Arçman» şypahanasynda hem halkymyzyň göwnejaý dynç almaklary we saglyklaryny dikeltmekleri üçin döwrebap mümkinçilikler döredildi. Hususan-da, 2009-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu şypahananyň 420 adama niýetlenen täze binasy hem-de 28 wannany öz içine alýan melhem suwlar bilen bejeriş merkezi ulanmaga berildi. Şeýlelikde, «Arçman» şypahanasynda birbada 920 adamy kabul etmäge mümkinçilik döredildi.

Ogulnur PIRJIKOWA,
«Esger».
Beýleki habarlar