Kitap — döwürleriň aýnasy

14 Awgust 2024
133

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynda Watanymyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, bilim-terbiýeli, halkymyzyň şöhratly geçmişine, däp-dessuryna sarpaly adamlar bolup ýetişmekleri baradaky mesele esasy üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, terbiýeli, ýokary düşünjeli, giň gözýetimli bolup ýetişmeklerinde kitaplaryň we kitaphanalaryň orny örän ýokarydyr.

Biziň kitaphanamyzda hem bu meselä örän oýlanyşykly çemeleşilýär. Işjeň okyjylaryň, aýratyn hem ýaşlaryň gatnaşmaklarynda çeper okaýyşlary, maslahatlary yzygiderli geçirip durýarys. Ýaşlaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmaklygy maksat edinýän çärelerimizi bilim ulgamynyň wekilleri bilen bilelikde gurap, olarda milli däp-dessurlarymyzy, mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda kitaplaryň eýeleýän orny hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Bu babatda ýaşlar bilen sowal-jogap alyşýarys. Aýratynam Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitaplarynyň ähmiýetini düşündirýäris.

Baýramgül ILÝOZOWA,
Türkmenbaşy şäher merkezi kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar