Watan waspy aýdymlarda, sazlarda

14 Awgust 2024
141

Şu günler türkmen ilinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny baýram etmäge giňden taýýarlyk görülýär. Ynha, uly ruhubelentlik bilen şanly toýa barylýan günlerde-de Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň geçirilen ýeri bolan şäherimizdäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança ýygnanan köpsanly sungat muşdaklary ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetiren her bir aýdymyny el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bäsleşige gatnaşyjylar ýerine ýetirijilik ussatlygy babatda hem, ukyp-başarnygy babatda hem biri-birinden peslärli däl. Emma ökdäniň ökdesi bolýar. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Halaç etrabyndan ýaş aýdymçy Saparmyrat Tekäýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Serdar Jumaýew bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Halypa-şägirtlik mekdebini geçip, kämillik ýoluna düşen ýaş estrada aýdymçylary ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýärler.

Saparmyrat TEKÄÝEW,

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar