Şu günki zähmet — ertirki eşret

14 Awgust 2024
192

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli ykdysady özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda hususyýetçilik pudagy uly ösüşlere beslenýär. Işewürler beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny berkitmekde ýokary netijeler gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler uzak möhletleýin bölünip berlen ýerlerde ekerançylygyň döwrebap usullaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyryp, ekologik taýdan arassa gök-bakja ekinlerini we miweleri ösdürip ýetişdirýärler.

Türkmen telekeçileri oba hojalygynda uly işjeňlik görkezýärler. Olaryň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde, ýurdumyzda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda miweleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, bol hasyl alýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Erkin miweçilik» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri hem öwgä mynasypdyr.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar