Et ugurly jüýjeleri iýmitlendirmegiň biotehnologiýasy

13 Awgust 2024
195

Ýurdumyzda «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Ol ýurdumyzda amaly we düýpli ylmy barlaglary ýurduň ykdysady ýagdaýyndan, dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alyp, ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, bu ýokary okuw mekdebiniň garamagyndaky Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde biotehnologiýanyň usullaryny peýdalanmak arkaly ýerli çig mallardan oba hojalyk mallary üçin ot-iým garyndylaryny taýýarlamak boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak we guşlaryň iýmitlendiriş rasionlaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ýerli ot-iým serişdelerini giňden öwrenip, olary maldarçylykda we guşçulykda netijeli ulanmagyň usullaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak ylmyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Soňky ýyllarda oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň iýmitlendiriş rasionlarynda premiksler, witaminler, biogoşundylar bilen bir hatarda, mikroskopik suwotular hem giňden ulanylyp başlandy. Olara ýaşyl mikroskopik suwotulardan bolan hlorella hem degişlidir.

Merdan NOBATOW,
Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Maldarçylyk» bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar