Gün şöhlesinden goranalyň!

12 Awgust 2024
152

Tomus paslynyň häzirki günlerinde howanyň aşa gyzmagy sebäpli saglygymyza aýratyn üns bermelidiris. Günüň aşagynda gezmek beden üçin zyýanlydyr. Çagalar we uly ýaşly adamlar açyk howa çykanlarynda ýanlaryna gerekli mukdarda agyz suwuny alyp, talabalaýyk geýinseler has dogry bolar. Yssy günlerde daşardan derläp gelip, salkyn öýe girilende, eşikleri çalyşmak hökmanydyr. Howa sowadyjynyň öňünde durmak saglyga ýaramaz täsir edýär. Munuň özi kelle-beýni ulgamynyň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklamagyna getirýär we dem alyş ulgamynyň kesellerine sebäp bolýar. Şeýle hem gyzyp gelip suwa düşmek, sowuk içgileri içmek maslahat berilmeýär. Bu agyz boşlugynyň dişleriň, gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň sowuklama keselleriniň esasy sebäbidir.

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin bal we limon garylan çaýy, düýe çalyny we agaran, itburun, zirk, çopantelpek demlemelerini maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Olar bedenden der bilen çykan zerur mikroelementleriň öwezini dolýar hem-de bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar.

Ogulgerek GAITNAZAROWA,
Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar