Nesilden-nesle geçip gelýän sungat

12 Awgust 2024
124

Aýdym-saz sungatyny nesilden-nesle dowam etdirip gelýänler az däl. «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, bagşyçylyk sungatyny öz perzentlerine geçirenleriň biri-de Öre şyhdyr. Ol diňe bir öz perzentlerine däl, eýsem, olardan başga-da birnäçe şägirtleri ýetişdiren halypalaryň biri hökmünde bellidir.

Öre şyh Daşoguz welaýatynyň häzirki Akdepe etrabynyň Köpükli obasynda Käbe şyhyň maşgalasynda 1893-nji ýylda dünýä inýär. Maşgalada ol dördünji çagady. Käbe şyhyň özi bagşy-sazanda bolmandyr. Ýöne ol, ogly Örede çagalykdan başlap aýdym-saza bolan höwesini, üýtgeşik ýatkeşligiň barlygyny duýup, ony goldapdyr. Öre obalarynda toý bolsa dagy, bagşynyň gapdalyndan turman diňlär eken. Ol bir eşiden aýdymyny, dessanyny ýatda saklamagy başarypdyr. Şonuň üçin kakasy ogluna dutar alyp berip, bagşa şägirtlige beripdir. Öre şyhyň esasy halypasy Sapar süýrentgi bolupdyr. Il arasynda oňa «Gaýnawly bagşy» hem diýlipdir.

Wepa JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ylmy-usulyýet müdirliginiň medeniýet, sungat ylmy-usulyýet bölüminiň esasy ylmy işgäri.
Beýleki habarlar